Kolin Farrell doganlar Russonyň täze ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini oýnar

  • 16.11.2025 22:38
  • 1.2k+

Irlandiýaly aktýor Kolin Farrell (“Inişeriniň banşisi”, “Pingwin”) “Ordained” ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini ýerine ýetirer. Film bilen “Ar alyjylaryň” birnäçe bölüminiň üstünde işlän doganlar Russolar meşgullanýar diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Film Robert Wenditti, Trewor Heýrsaýn we Deýw Stýuart tarapyndan döredilen Bad Idea neşirýatynyň çykmaga taýýarlanýan komikslerine esaslanýar. Grafik romany 10-njy dekabrda çykarmak meýilleşdirilýär.
Farrell filmde Roý Kreýgiň kakasyny oýnar. Sýužet boýunça ol ölüm derejede ýaralanan mafiýa başlygy üçin soňky däbi ýerine ýetirýär. Ýöne ol diri galýar we ruhanyny ýok etmek üçin gangsterleri, killerleri we mafiýa üçin işleýän polisiýa işgärlerini iberýär.
Görlüp oturylsa, Roýuň kakasy hem ýönekeý bir adam däl eken, onuň geçmişdäki başarnyklary oňa diri galmak üçin gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde, gahryman ähli güýji bilen “Öldürme” parzyny berjaý etmäge çalyşýar.
Filmiň prodýuseri bolup “Jon Uigiň” ssenarisiniň awtory Derek Kolstad, şeýle-de Bad Idea-dan Dineş Şamdasani we Benjamin Simpson bolar. Jo bilen Entoni Russo AGBO kompaniýasynyň adyndan taslama prodýuserlik eder. Prodýuserleriň arasynda Chapel Place-den Star Farrell we Klodin Farrell hem bar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....