“Garri Potteriň” ýyldyzy Alan Rikmanyň şahsy goşlary auksiona çykarylar

  • 18.11.2025 11:18
  • 2.2k+

“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär.

Auksion öýi Rikmanyň, köplenç, öz gatnaşan taslamalary bilen baglanyşykly predmetleri saklandygyny belleýär. Goşlaryň arasynda iň gymmatlysy onuň kinodaky ilkinji çykyşyna – “Ýanbermez” filmine bagyşlanan kolleksiýadyr. Ol golýazma bellikleri bolan we söhbetleriň başgaça görnüşi ýazylan ssenarini, metbugat bukjalaryny we Londondaky gala görkezilişine çakylygy öz içine alýar. Bu toplumyň bahasy 30-60 müň funt sterling bilen bahalandyrylýar.
Şeýle-de, aktýoryň “Ýanbermez” filminden 100 müň dollarlyk gazna puly satuwa çykarylar. Onuň bahasy 1-2 müň funt sterlinge barabar.
Garri Potter baradaky filmler bilen baglanyşykly predmetleriň arasynda “Jadygöýiň daşynyň” önümçilik topary tarapyndan sowgat edilen altyn çaýylan jübi sagady (2-4 müň funt), kitaplar toplumy (1-2 müň), Sewerus Sneýpiň heýkeljigi (500-1000 funt) we Rupert Grint tarapyndan çekilen Hellouin üçin hat (2-4 müň funt) bar.
Auksiona Rikmanyň başga goşlary-da çykarylar. Auksion 5 – 7-nji dekabrda geçiriler.
Alan Rikman 2016-njy ýylyň ýanwarynda rak keseli sebäpli aradan çykdy. Ol 69 ýaşyndady. Onuň filmografiýasynda onlarça rollar we köp sanly abraýly baýraklar bar.
“Garri Potteriň” täze serial görnüşli ekranlaşdyrmasynda Sewerus Sneýpiň keşbini Paapa Essýedu ýerine ýetirer.  


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....