Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy

  • 16.11.2025 22:56
  • 1.1k+

Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar.

Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi. Bu gurbaga görnüşindäki gajet bolup, onuň peýda bolmagy tanyş gahrymanlaryň arasynda bir wagtda hem bilesigelijilik, hem alada döredýär. Lilipada "Geçmişdäki durmuşlar" filmi boýunça tanalýan aktrisa Greta Li ses berdi.
Ýorduma görä, Lilipad adaty oýunjaklar dünýäsi üçin täze howpa öwrülýär. Wudi, Bazzu, Jessi we olaryň dostlary onuň bilen düşünişmegiň we çagalaryň ünsüni paýlaşmagyň ýoluny tapmaly.
Tom Henks, Tim Allen we Joan Kýusak öz keşplerine gaýdyp geldiler. Teleýaýlym alyp baryjysy Konan O'Braýen hem ses bermäge gatnaşýar, ol Smarty atly gahrymana ses berdi. Ol çagalary okatmak üçin döredilen akylly oýunjak.
Täze bölüme “Oskar” baýragynyň eýesi Endrýu Stanton (“WALL-I”, “Nemonyň gözleginde”(“ В поисках Немо”)) we Kenna Harris dagy režissýorlyk etdi. Taslamanyň prodýuseri Lindsi Kollinz (“Men gyzarýan” (“Я краснею”)) boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....