Türkmenistanyň Döwlet sirki dynç gününde şowhunly çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar

  • 14.11.2025 18:00
  • 2.1k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.

16-njy noýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň, esasan hem, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.
Biletleri 
sirk.gov.tm resmi sahypasyndan onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45.


düýn 14:41
4.6k+

Ozon türkmen bazaryna girýär

Russiýanyň Ozon onlaýn söwda platformasy Türkmenistanyň ilaty üçin satuwlaryň başlanandygyny yglan etdi. Alyjylar indi ozon.tm platformasynda çagalara niýetlenen önümlerden başlap, hojalyk harytlaryna çenli......

düýn 01:10
5.3k+

Türkmenistanda aprel aýyna birnäçe çäreler meýilleşdirilýär

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi....

27.03.2026 14:04
1.8k+

Daşoguzda dessançy bagşylaryň festiwaly açyldy

26-njy martda Daşoguz şäheriniň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda dessançy bagşylaryň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwaly açyldy....

27.03.2026 10:26
3k+

Ussat sazanda Şükür bagşynyň 195 ýyllygy bellenildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat sazanda Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. ...