"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy

  • 17.11.2025 13:32
  • 2.6k+

20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär.

Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar. Enn Heteueý we Meril Strip ýene-de Endi Saksyň we Miranda Pristliniň keşplerini ýerine ýetirerler.
Ýordum boýunça Miranda Pristli sanly döwrüň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar: onuň ýalpyldawuk žurnaly onlaýn neşirler bilen bäsleşmeli bolýar. Olaryň birine Emili Blantyň gahrymany ýolbaşçylyk eder.
Rolikde tomaşaçylar Runway redaksiýasynyň howasyna dolanyp barýar. Endi ýene tanyş ofisde peýda bolýar we liftde Miranda duş gelýär.
Sikwelde Ledi Gaganyň hem peýda boljakdygy mälim edildi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....