Saragt Babaýew we Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalary boldular

  • 14.11.2025 19:20
  • 6.7k+

Stambulda «Beýik sähraň ruhy», «Türki dünýäniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy hormatlaýarlar» atly halkara çeperçilik sergisiniň çäklerinde Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, dabaranyň barşynda Akademiýa Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan täze hakyky agzalary hem-de habarçy agzalary kabul etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi, iki gezek Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi, suratkeş Gahryman Goçmyradowa Habarçy agza ady berildi.
Sergi Stambul şäheriniň «Zorlu» ýerine ýetiriş sungaty merkezinde geçirildi.
Çingiz Aýtmatow adyndaky Institut tarapyndan guralan sergi, türki dünýäsiniň dürli sebitlerinden 16 ussat suratkeşiň ýüzden gowrak eserini birleşdirdi. Suratlar türki dünýäsiniň öwüşginlerini we beýik ýazyjynyň edebi mirasyny şöhlelendirýär.
Açylyş dabarasyna resmi wekiller, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, işleri görkezilen suratkeşler, serginiň kuratory, azerbaýjan suratkeşi Sakit Mamedow, Çingiz Aýtmatowyň ogly Eldar Aýtmatow, şeýle hem köp sanly myhman gatnaşdy. Çykyş edenler Aýtmatowyň eserleriniň türki dünýä üçin ähmiýetini we medeni agzybirlik üçin umumy türk elipbiýiniň wajyplygyny nygtadylar.
Çärede Çingiz Aýtmatowyň «Jemile» atly eseriniň täze neşiri tanyşdyryldy. Bu neşir Türki Döwletleriň Guramasy tarapyndan işlenip düzülen 34 harply umumy türk elipbiýini ulanyp taýýarlanan we çap edilen ilkinji neşirdir.
Serginiň netijeleri boýunça görkezilen eserleriň girizilen ýörite çeperçilik katalogy çap edildi.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......