Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär

  • 18.11.2025 11:14
  • 3.2k+

Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler.

Grok 5-iň parametleri häzirki modelden iki esse köp bolar. Mask EA-nyň has tiz we akylly boljakdygyny belledi – inženerler oňa internetden netijeli peýdalanmagy we wideolary hakyky wagtda seljermegi öwredýär. Häzir Grok Maskyň kompaniýalarynda, şol sanda X sosial ulgamynda, Tesla awtomobillerinde we Starlink hemra internetiniň goldawy üçin ulanylýar, geljekde Mask ony Tesla Optimus robotlarynda hem ulanmagy meýilleşdirýär.
Täze wersiýany döretmek işi hünärmenleri çekmegi we köp enjam gurnamagy talap edýär. Memfisdäki Colossus maglumat merkezinde eýýäm, takmynan, 200 000 EA tizleşdirijisi işleýär we kompaniýa olaryň sanyny milliona ýetirmek isleýär. Iýun aýyna çenli ýagdaýa görä, xAI emeli aňyň ösüşine aýda, takmynan, 1 mlrd dollar sarp etdi, bu bolsa Meta, Alphabet, Amazon we Microsoft ýaly beýleki uly kompaniýalaryň maýa goýum çykdajylaryndan birnäçe esse azdyr. 


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......