EA tarapyndan döredilen aýdym ilkinji gezek Billboard çartynda birinji orny eýeledi

  • 14.11.2025 18:16
  • 2k+

Billboard çartynyň kantri aýdymlarynyň reýtinginde ýerine ýetiriji Breaking Rust-yň Walk My Walk aýdymy birinji orny eýeledi. Bu çartyň başyna geçen emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji aýdym diýip, Newsweek habar berýär.

Habar ýazylan wagty Breaking Rust-yň Spotify-da 2 milliondan gowrak aýlyk diňleýjisi bardy. Bu ýerde ol tassyklanan ýerine ýetiriji hökmünde hasaba alyndy. “Ýerine ýetiriji barada” bölümi entek boş, profilde bolsa kowboý şlýapaly we galstukly erkek adamyň gara-ak suraty bar.
Breaking Rust-yň EA-nyň kömegi bilen döredilen başga-da birnäçe aýdymy Spotify-da milliondan gowrak gezek diňlenildi: Livin’ on Borrowed Time – 4 milliondan gowrak, Walk My Walk – 3 milliondan gowrak, Whiskey Don’t Talk Back – 1 milliondan gowrak.
Breaking Rust Spotify-da aýdymlary 2025-nji ýylda ýerleşdirip başlady.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......