“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy

  • 17.11.2025 13:03
  • 1.5k+

Nintendo-nyň resmi YouTube kanalynda "Doganlar Super Mariolar Galaktikada" (The Super Mario Galaxy Movie) multfilminiň treýleri çykdy. Meşhur animasiýa blokbasteriniň dowamy 2026-njy ýylyň aprelinde çykar.

Film 2007-nji ýylda Wii konsolynda çykan Super Mario Galaxy wideo oýnunyň motiwlerine esaslanýar.
Multfilmde gahrymanlara Kris Pratt, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Deý, Jek Blek, Bri Larson we başga-da birnäçe aktýorlar ses berdiler. Oňa "Doganlar Super Mario Kinoda" filminiň birinji bölüminiň üstünde işlän Aaron Horwat we Maýkl Ýelenik (Michael Jelenic) režissýorlyk etdi.

Super Mario oýnunyň ekranlaşdyrylan ilkinji bölümi 2023-nji ýylyň ýazynda çykyp, umumy girdejisi 1,36 milliard dollar boldy. Kassa ýygyndysy boýunça ol animasiýa filmleriniň arasynda "Doňan Ýürek 2" (Frozen 2), "Şir Şa" (The Lion King), "Tapmaça 2" (Inside Out 2) we "Neçža 2" (Ne Zha 2) atly filmlerden soň bäşinji orny eýeleýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....