Napoleonyň Waterloo söweşinde ýitirilen tumary 4,4 mln dollara satyldy

  • 15.11.2025 22:01
  • 4.7k+

Napoleon Bonapartyň Waterloo söweşinde fransuz goşuny ýeňlenden soň ýitiren göwher tumary 3,5 mln Şweýsariýa frankyna (4,4 mln ABŞ dollary) satyldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.

Harydyň başlangyç bahasy 120 – 200 müň frank boldy. Ahyrky baha komissiýa töleglerini hasaba almazdan 2,85 mln franka ýetdi – bu hem garaşylandan 14 esse ýokarydyr. Soňky teklip telefon üsti bilen aýdyldy, ýöne alyjynyň kimdigi mälim edilmeýär.
Tumaryň diametri – 4,5 sm töweregi. Onuň merkezinde 13,04 karat agramly süýri göwher ýerleşip, ol tas ýüzlerçe ownuk daşlar bilen gurşalýar.
Bu bezeg önümi, takmynan, 1810-njy ýylda Napoleon I üçin ýörite taýýarlanypdyr. Ol aýratyn dabaralarda, mysal üçin, söweş meýdanyndaky ýeňişden soň onuň iki burçly şlýapasynyň elementi hökmünde ulanylypdyr. Tumary Prussiýa esgerleri imperatoryň Waterloodan soň yza çekilende galdyrylan goşlarynyň arasyndan tapdy.
Soň ol Prussiýanyň patyşasy Fridrih Wilgelm III-ä sowgat edildi. Häzire çenli ol hususy kolleksiýada saklanypdyr.
Waterloo söweşi 1815-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolup, fransuz goşuny bilen antifransuz koalisiýasynyň (Awstriýa, Angliýa, Prussiýa, Russiýa we beýleki ýurtlar) goşunlarynyň arasynda aýgytly çaknyşyk boldy. 20-nji iýunda Napoleon Pariže gaýdyp geldi we gutarnykly el çekýändigi baradaky akta gol çekdi, şondan soň Keramatly Ýelena adalaryna iberildi we ömrüniň soňky ýyllaryny şol ýerde geçirdi. 


22.06.2026 14:49
1.8k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 07:47
1.5k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......