Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek Aşgabatda konsert bilen çykyş eder

  • 14.11.2025 19:12
  • 2.9k+

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler.

Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F. Liszt adyndaky halkara bäsleşiginiň, şeýle hem Palermo şäherinde geçirilen halkara pianinoçylar bäsleşiginiň we birnäçe beýleki abraýly baýraklaryň ýeňijisidir.
Ol diňe bir solo konsertler bilen çäklenmän, kamera sazandalar toparlary we simfoniki orkestrler bilen hem çykyş edýär. Olaryň arasynda: Warşawadaky Polşa Radiosynyň orkestri, Krakowdaky Beethowen akademiki orkestri, Amman simfoniki orkestri we beýlekiler bar.
Konsertiň başlanjak wagty — 19:00. Giriş — mugt.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......