Grokipedia işe girizilenden tiz wagtdan soň gyzyklanmanyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • düýn 11:13
  • 1.6k+

Ilon Maskyň oktýabrda işe girizilen Grokipedia onlaýn ensiklopediýasy auditoriýanyň uly bölegini derrew ýitirdi. Gysga wagtyň içinde saýtyň iň ýokary trafigi 90%-den gowrak azaldy.

Similarweb-iň maglumatlaryna görä, ABŞ-da saýta girýänleriň iň ýokary derejesi 28-nji oktýabrda boldy we 460 000-den gowrak giriş hasaba alyndy, ýöne häzir saýta günde, takmynan, 30 000 adam girip görýär.
Taslama meýletin redaktorlaryň işine esaslanan “Wikipedianyň” EA görnüşi hökmünde hödürlendi. Ensiklopediýanyň ilkinji wersiýasy derrew şübhe döretdi: köp makalalar bäsdeşiň materiallary bilen meňzeşdi. Mundan başga-da, “Wikipediany” esaslandyryjylaryň biri Larri Senger EA-nyň ýalňyşlyklary we toslap tapmalary üçin Grokipedia-ny tankytlady. Käbir synçylar başga garaýyşlary öňe sürýän we subýektiw häsiýetli materiallaryň bardygyny belledi.
Soňra xAI topary üýtgeşme girizdi: ulanyjylar indi düzedişleri teklip edip, üýtgeşmeleriň kabul edilmegine ýa-da ret edilmegine düşündiriş goşup bilýär. Mask platformanyň ýokary hile ýeten wagty onuň Aýzek Azimowyň romanlarynyň şanyna Encyclopedia Galactica diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy. Ol munuň ähli möhüm bilimleri gurşap alýan tekst, audio, surat we wideo bilen açyk çeşme boljakdygyny belledi. 


düýn 11:14
2.3k+

Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär

Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler...

17.11.2025 13:39
4.1k+

Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler

Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar...

04.11.2025 12:32
1.6k+

ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär...

29.10.2025 14:33
2.9k+

Mask Grokipedia atly täze onlaýn ensiklopediýasyny işe girizdi: makalalar “Wikipediýadan” alnyp, täzeden işlenilipdir

Ilon Maska degişli bolan xAI kompaniýasy oktýabrda yglan eden täze sanly ensiklopediýasyny - Grokipedia-ny resmi taýdan işe girizdi. Bu taslama Grok atly çatboty döreden şol bir topar tarapyndan taýýarlanylýar...