Kim Kardaşýanyň "Skims" brendi 5 milliard dollara durýar

  • 17.11.2025 13:20
  • 5k+

Kim Kardaşýanyň Skims egin-eşik brendi maýa goýumlaryň täze tapgyrynda 225 million dollar toplady. Reuters habarlar gullugynyň habaryna görä, bu şertnamadan soň kompaniýanyň bahasy 5 milliard dollara galdy.

Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Skims häzirki wagtda bazar kapitalizasiýasy takmynan 2,86 milliard dollar bolan esasy bäsdeşi Victoria's Secret-den takmynan iki esse gymmat. Täze tapgyryň maýa goýujylarynyň arasynda Goldman Sachs Alternatives we BDT & MSD Partners bar.
Skims brendi 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ABŞ-da onuň 18 dükany we Meksikada iki françaýzing dükany bar. Kompaniýa ýyllyk satuwynyň 1 milliard dollardan geçmegine garaşýar.
Ýygnalan serişdeler önümleriň görnüşini, esasanam sport eşikleriniň görnüşini has-da giňeltmeklige sarp ediler. Skims öň Nike bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişipdi, bu bolsa brende sport eşigi segmentindäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......