Kristofer Nolan “Odisseýany” düşürmek üçin 600 km-den gowrak plýonka ulandy

  • 17.11.2025 10:03
  • 6.4k+

Kristofer Nolanyň geljekki “Odisseýa” filmini düşürmek üçin 2 million futdan gowrak plýonka gerek boldy – bu, takmynan, 609,6 kilometre barabar diýip, Rolling Stone habar berýär.

Filmiň düşürilişiniň köp bölegi açyk deňizde geçirildi.

“Biz Odisseýiň gämisiniň toparyny oýnaýan aktýorlary hakyky tolkunlara, hakyky ýerlere äkitdik. Hawa, deňiz çäksiz, aýylganç, ajaýyp we asuda. Biz bu syýahatlaryň adamlar üçin näderejede agyr bolandygyny we olaryň öwrenilmedik, karta ýüzüne geçirilmedik dünýäde amala aşyran ynam böküşini görkezmek isledik” – diýip, režissýor paýlaşdy.

Filmiň düşürilişi alty aý – fewraldan awgust aralygynda dowam etdi. Topar Marokkoda, Gresiýada, Italiýada, Maltada, Şotlandiýada we Ispaniýada işledi, düşürmek işleri Los-Anjelesde tamamlandy.
Filmiň sýužeti gadymy grek şahyry Gomeriň adybir romanyna esaslanýar. Wakanyň merkezinde Mett Deýmonyň ýerine ýetirmeginde Itakanyň patyşasy Odisseý bolup, ol Troýa urşundan soň öýe dolanmaga synanyşýar we mifiki jandarlar hem hudaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Beýleki rollarda Tom Holland, Zendaýa, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Robert Pattinson, Şarliz Teron we beýleki aktýorlar bar.
Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. “Odisseýa” doly derejede IMAX kameralaryna düşürilen ilkinji film bolar. Entek çykmazdan ozal Nolanyň filmi petekleriň deslapky satuwyndan 1,5 mln dollar getirdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....