“V – diýmek Wendetta” seriala öwrüler

  • 14.11.2025 18:12
  • 1.5k+

HBO we Warner Bros. Television “V – diýmek Wendetta” (V — значит Вендетта) antiutopik trillerine esaslanýan serialyň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Serial üçin ssenarini Pit Jekson ýazar. Prodýuserleriň arasynda DC Studios-yň ýolbaşçysy we “Supermeniň” režissýory Jeýms Gann bar.
Taslama barada giňişleýin maglumatlar entek ýok.
“V – diýmek Wendetta” Alan Mur bilen illýustrator Dewid Lloýdyň grafiki romany esasynda döredilipdi. 2005-nji ýylda režissýor Jeýms Maktigiň düşürmeginde belli film peýda boldy, onda baş gahrymanlary Natali Portman we Hýugo Uiwing ýerine ýetirdi. Film üçin ssenarini uýalar Waçowski sazlady.
Sýužet Norsefire faşist partiýasy tarapyndan dolandyrylýan antiutopik Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar. Bu režime garşy Gaýa Foksuň – 1605-nji ýyldaky Porohow dildüwşüginiň agzasynyň maskasynda gizlin göreşiji çykyş edýär. Ol ýaş zenan Iwi Hammodyň goldaw bermeginde hökümeti agdarmaga çalyşýar.
Ozal “V – diýmek Wendetta” filmini 2026-njy ýylda 20 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt prokatyna gaýtadan çykarmagyň meýilleşdirilýändigi belli boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....