Tibetde 416 ýaşly üzüm çybygy ösýär: Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 16.11.2025 17:15
  • 7.6k+

Tibetde tapylan 416 ýaşly üzüm agajy dünýäde iň gadymysy diýlip ykrar edildi. Ösümlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Uzak ýaşan bu agaç Gündogar Tibet daglarynda, Dzogang etrabynyň Zuoba obasynda, 2400 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň boýy sekiz metre ýetýär, düýbüniň töweregi 209 santimetr, sütüniniň diametri bolsa 67 santimetrdir.
Agajyň ýaşy ýyllyk halkalarynyň derňewi we fiziki ölçegler arkaly anyklandy. Alymlar bu halkalaryň diňe bir ýaşy däl-de, eýsem, howanyň üýtgemegi – sowuk we yssy ýyllar, gurakçylyklar we ýagyşly möwsümler hakynda maglumatlary özünde saklaýandygyny belleýärler.
Deňeşdirmek üçin: medeni üzüm agaçlarynyň köpüsi 50 ýyldan köp ýaşamaýar, az sanlysy ýüz ýaşa ýetýär. Dzogangda bolsa ýüz ýaşdan uly 64 sany agaç tapyldy. Hytaýyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň doktory Wan Haýbo, bu rekordçy ýabany üzüm agajynyň tebigatyň sabyrlylygyny we ýaşaýşa ukyplylygyny görkezýändigini aýtdy.
Ondan öň iň garry agaç diýlip Sloweniýanyň Maribor şäherindäki "Köne agaç" (The Old Vine) hasaplanylýardy, oňa 1972-nji ýylda 350-400 ýaş diýlen kesgitlenipdi. Takyk kesgitlemek kyn boldy, sebäbi onuň sütüniniň merkezi çüýräpdi.


düýn 18:42
4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 17:17
4.2k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....