Sabrina Karpenter "Alisa Täsinlikler dünýäsinde" kinomýuziklinde baş keşbi janlandyrar

  • 17.11.2025 11:25
  • 2.9k+

Amerikaly aktrisa we aýdymçy Sabrina Karpenter “Alisa Täsinlikler dünýäsinde” («Алиса в Стране чудес») atly kinomýuziklde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Variety habar berýär.

Filmi Universal Pictures tarapyndan döredilýär.
“Uzyn gyz” («Рост Джоди») we “Enekäniň başdan geçirmeleri” («Приключения няни») filmindäki keşpleri bilen tanalýan Karpenter üçin bu soňky üç ýylyň içinde ilkinji aktýorlyk işi bolar. Ol filmde diňe bir baş keşbi janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Mark Platt bilen bilelikde taslamanyň prodýuseri hem bolar.

Şeýle hem filmiň üstünde işlemeklige Entertainment kompaniýasyndan Lesli Morgenşteýn we Alloy Eliza Koplowis Datton hem çekildi. Filmiň edebi esasyny ýazmak we oňa režissýorlyk etmek Loren Skafariýa (“Men Los-Anjelesi söýýän” (“Я люблю Лос-Анджелес”), “Mirasdüşerler” (“Наследники”)) tabşyryldy.
Netflix öň At Last Productions kompaniýasyndan “Alisa täsinlikler dünýäsinde” filmini ekranlaşdyrmaga hukuk aldy. Ylalaşyk 2020-nji ýylda baglaşylypdy, ýöne ol taslama amala aşman galypdy.
Noýabr aýynyň başynda Karpenter Man’s Best Friend atly ýedinji studiýa albomy üçin “Gremmi” baýragyna alty sany dalaşgärlik aldy. Bularyň arasynda “Ýylyň iň gowy albomy”, “Ýylyň ýazgysy” we “Ýylyň aýdymy” dalaşgärlikleri bar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....