Call of Duty: Black Ops 7 çykdy

  • 16.11.2025 21:32
  • 2.3k+

14-nji noýabrda Activision kompaniýasynyň Call of Duty oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 7 çykdy. Oýun PK-da we konsollarda elýeterli, şeýle-de PC Game Pass we Game Pass Ultimate ýazylyşyklaryna goşuldy.

Call of Duty: Black Ops 7-de waka 2035-nji ýylda, Black Ops 2-niň wakalaryndan soň bolup geçýär. Dünýä ýene-de bulam-bujarlygyň serhetinde dur we Dewid Meýsonyň ýolbaşçylygyndaky Black Ops topary gorky we manipulýasiýanyň üsti bilen jemgyýeti dolandyrmaga çalyşýan täze duşmany saklamak tabşyrygyny alýar.
Oýunçylara kooperatiw sýužet kampaniýasy, 18 kartaly onlaýn režim we adaty zombi režimi hödürlenýär.
Oýunda rus subtitrleri elýeterlidir.
Ilkinji synlar dürlüçe boldy: ulanyjylar ýekelikdäki režimde näsazlyklaryň bardygyny habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, köp oýunçylaryň pikiriçe, onlaýn režim Black Ops 6-dan has durnukly işleýär. 

şu gün 12:35
2.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......