Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy

  • 16.11.2025 19:00
  • 4.7k+

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilendir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleri bäsleşigiň ilkinji ýeňijileri boldy:

  • «Edebiýat» ugry boýunça - Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Sultan Raýew;
  • «Medeniýet» ugry - Täjigistanyň halk şahyry Dawlat Safarzoda;
  • «Teatr we kino» ugry - M.Awezow adyndaky Gazak Milli drama teatrynyň aktýory Erkebulan Daýyrow;
  • «Aýdym-saz we tans» ugry - Azerbaýjanyň halk artisti Alim Gasymow;
  • «Bezeg we amaly-haşam sungaty» ugry - Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow;
  • «Ylym, bilim we sanly tehnologiýalar» ugry - Özbegistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Halkara merkeziň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Dilfuza Egamberdiýewa.

Halkara baýragyň laureatlaryna baýragyň statuetkasy, diplom we 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Çärä gatnaşan Prezidentler halkara baýragyň eýeleri bilen bilelikde surata düşdüler.


şu gün 10:55
2.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......