Netflix “Awataryň” ikinji möwsümi çykmanka üçünjisini düşürip tamamlady

  • 14.11.2025 18:35
  • 2.8k+

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň üçünji möwsümini düşürmek işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi. Işler maý aýynyň ahyrynda başlady we alty aý töweregi dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde, üçünji möwsüm 2026-njy ýylyň başynda çykjak ikinji möwsüm bilen ugurdaş düşürildi.

Üçünji möwsüm serialyň soňy bolar – ol 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlanar.
“Awatar: Aang hakynda rowaýat” tebigatyň dört elementini: suwy, ody, ýeri we howany dolandyrmaga ukyply bolan 12 ýaşly oglanjyk - Aang barada gürrüň berýär. Ol öz dostlary bilen ot hökümdaryna garşy söweşýär, bu hem gan döküşikli asyrlyk urşa sebäp bolýar.
Serialyň birinji möwsümi 2024-nji ýylyň fewralynda Netflix-de çykdy we üstünlikli boldy. Ol tankytçylardan garyşyk synlary (Rotten Tomatoes-de 62%) aldy, ýöne tomaşaçylar oňa 70% oňyn ses berdi. Baş keşpleri Deniel De Kim, Ken Lýun we Pol Li ýerine ýetirdi. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....