Frensis Ford Koppola "Megalopolis" filmi şowsuz çykandan soň adasyny satdy

  • 14.11.2025 11:41
  • 3.8k+

"Çokundyran atanyň" režissýory Frensis Ford Koppola "Megalopolis" epiki filmi çykdajylaryny ödemänden soň Belizedäki Coral Caye adasyny 1,8 million dollara satdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Koppola filmi döretmek üçin öz jübüsinden 120 million dollar çykardy, şol sanda çakyr önümlerini satmakdan alan girdejisini hem sarp etdi. Şeýle-de bolsa, filmiň dünýädäki kassa ýygymy bary-ýogy 14,4 million dollar boldy. Režissýor beýleki gymmat bahaly zatlaryndan, şol sanda sagat ýygyndysyndan hem geçmäge mejbur boldy.
"Megalopolis" wagty doňduryp bilýän binagär (Adam Draýwer) baradaky wakany gürrüň berýär. Filmde Obri Plaza, Şaýa LaBaf, Jon Uoýt, Dastin Hoffman, Jankarlo Espozito we başgalar hem surata düşdüler. Film Rotten Tomatoes-yň 45 göterim bahasy bilen tankytçylaryň garyşyk synlaryny aldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....