Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar

  • 16.11.2025 21:17
  • 1.1k+

Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär.

Aýgeriň aýtmagyna görä, täze tehnologiýa ulanyjylara diňe bir gysga wideolary döretmäge däl, eýsem beýlekileriň döreden materiallaryny görmäge mümkinçilik berer.
Kompaniýa eýýäm birnäçe EA kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň ady entek belli däl. Disney intellektual eýeçilik goragyny göz öňünde tutmak bilen şertnama baglaşmak isleýär.
Mundan başga-da, Aýger Disney+ platformasyna oýun ýa-da “oýunlaşdyrylan” funksiýalaryň giriziljekdigini aýtdy. Bu mümkinçilikler Epic Games bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde peýda bolup, Disney+-y ulanmak tejribesini has interaktiw eder. 


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....