Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler

  • 17.11.2025 13:39
  • 4.6k+

Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar.

Neuralink neýronlaryň işjeňligini okaýan implant döredýär. Ysmaz bolan ýedi adam eýýäm öz pikirleri bilen kompýuteri dolandyryp bildi we 2025-nji ýylyň güýzünde synaga gatnaşyjylaryň sany on iki adama ýetdi. Optimus robotlary hirurgiýadan başlap, adamlary ugratmak ýaly dürli meselelerde kömekçi hökmünde işlenip düzülýär.
Mask eger neýrointerfeýs beýniniň maglumatlaryny doly ele alyp bilse, robot bolsa ýeterlik derejede kämil fiziki esas (göteriji) öwrülse, nazary taýdan adamy sanly görnüşe "göçürip" boljakdygyna ynanýar. Telekeçi şeýle tehnologiýanyň howpsuz bolmalydygyny we ähli ýatlamalary gorap saklamaga mümkinçilik bermelidigini belleýär.
Alymlar Maskyň 20 ýyl baradaky çaklamasyny aşa optimistik hasaplaýarlar: beýni entek doly öwrenilenok we aňy maglumat bazasyna öwrüp boljagyny-bolmajagyny hiç kim bilenok. Häzirki neýrointerfeýsler diňe ýüzlerçe elektrod bilen işleýär, beýnini doly “skanirlemek” bolsa milliardlarça okaýyş nokatlaryny we ägirt uly hasaplaýyş güýjüni talap edýär.
Maskyň özi hem çaklamasynyň takyk möhletli kesgitli meýilnama däldigini, diňe geljegi uzakdan göz öňüne getirmedigini nygtaýar.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...