“Astral-6” filmi düşürilip tamamlandy: ol 2026-njy ýylyň awgustynda ekrana çykar

  • 17.11.2025 14:19
  • 1.8k+

“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli.
Horroryň premýerasy 2026-njy ýylyň 21-nji awgustyna meýilleşdirilýär. Baş keşpleri Lin Şeý, Ameliýa Iw, Meýzi Riçardson-Sellers we Sem Sprýuell ýerine ýetirdi.
Ssenarini Dewid Lesli Jonson-MakGoldrik (“Doga-2”) bilen awtordaşlykda Çeýz ýazdy. Prodýuserler Jeýson Blum, Oren Peli, Jeýms Wan we Li Uonnell boldy.
Franşizanyň birinji bölümi, “Astral” 2010-njy ýylda çykdy. “Astral: Bölüm 2” üç ýyldan soň çykaryldy. Onuň yzyndan çykan “Astral 3” (2015) we “Astral 4: Soňky açar” (2018) prikwel boldy. “Astral 5: Gyzyl gapy” (2023) 16 mln dollar býujetde 189 mln dollar ýygnap, franşizanyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy.
Ilkibaşda “Astral-6-nyň” premýerasy 2025-nji ýylyň 29-njy awgustyna meýilleşdirildi, ýöne ýanwarda Sony Pictures relizi bir ýyl yza süýşürdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....