ChatGPT-de toparlaýyn çatlar peýda boldy

  • 16.11.2025 11:18
  • 2.1k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de toparlaýyn çatlary synagdan geçirmäge başlady. Täze funksiýa EA bilen söhbetdeşlige dostlaryňy, garyndaşlaryňy ýa-da kärdeşleriňi goşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol Ýaponiýadaky, Günorta Koreýadaky we Taýwandaky ulanyjylar üçin elýeterlidir.

ChatGPT kompaniýada söhbetdeş hökmünde peýdaly bolup biler. Ony syýahat ugurlaryny meýilleşdirmek, restoran saýlamak, abatlaýyş işlerini maslahatlaşmak ýa-da iş meselelerini çözmek üçin ulanyp bolar. Bot hödürlenen maglumatlaryň esasynda hasabat meýilnamalaryny döredip, tekstleri rezýumirläp we beýleki ýumuşlara kömek edip biler.
Toparlaýyn söhbete başlamak üçin ChatGPT interfeýsiniň ýokarky sag burçundaky ýa-da eýýäm bar bolan söhbetdeşlikde birnäçe adamly nyşana basmak ýeterlik. Bar bolan söhbetdeşlikden başlananda bot öňki söhbetleri saklamazdan täze çaty döreder. Şondan soň çata gatnaşyjylary goşmak ýa-da onuň ssylkasy bilen paýlaşmak bolar. Bir çata 20 adam goşup bolýar we olaryň her biri at hem surat bilen profil döretmeli. Çat üçin ssylka alan ulanyjylar täze gatnaşyjylary çagyryp biler. Eger olaryň arasynda 18 ýaşdan kiçi adam bar bolsa, bot kontenti awtomatik usulda degişli auditoriýa üçin sazlar.
Toparlaýyn çatlarda GPT-5.1 Auto EA modeli ulanylýar.
OpenAI botuň habarlar akymyny yzarlap, öz sözlerini degişli pursatda goşup biljekdigini belledi. Gatnaşyjylar islendik sorag boýunça EA-a ýüz tutup biler.
Giňişleýin işe girizmezden ozal, işläp düzüjiler ilkinji ulanyjylaryň synlary esasynda funksiýanyň işini sazlamagy meýilleşdirýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......