Rouen Atkinsonyň baş keşpde düşen “Çaga bilen uly adamyň garşylygy” gülküli serialynyň treýleri çykdy

  • 16.11.2025 16:59
  • 5.6k+

Netflix "Çaga bilen uly adamyň garşylygy" (Man vs Baby) mini-serialyň ilkinji treýlerini çykardy. Bu "Ary bilen adamyň garşylygy" komediýasynyň dowamydyr.

Ilkinji görkezilişi 11-nji dekabrda meýilleşdirilýär.
Baş keşbi ýene Rouen Atkinson ýerine ýetirdi. Onuň gahrymany - Roždestwo baýramynyň öňüsyrasynda Londonyň gymmat bahaly penthausyna göz-gulak bolmak wezipesi teklip edilýän mekdep garawuly Trewor Bingli. Emma meýilnama bulaşýar: okuwyň soňky güni mekdep sahnasynda Isanyň bäbekligini oýnan çaganyň  ene-atasy  ony mekdepden alyp gitmegi ýatdan çykarýarlar. Bingli garaşylmadyk ýagdaýa düşüp, çaga enekelik etmäge galýar, ýagdaý garaşylandan çylşyrymly bolup çykýar.
Atkinson diňe bir filmde baş keşbi janlandyrman, eýsem Uilýam Dewis (“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (“Как приручить дракона”)) bilen bilelikde filmiň edebi esasyny hem ýazypdyr. Taslama “Ary bilen adamyň garşylygy” filmini surata düşüren Dewid Kerr režissýorlyk etdi.

Serialda dört epizod bolar diýlip garaşylýar.
Klodi Blekli ýene Treworyň öňki aýaly Jessiniň keşbini ýerine ýetirer. Şeýle hem, filmde Stiw Ej, Sunetra Sarker, Sunil Patel, Sýuzanna Filding we Eşli Jensen dagy oýnar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....