6.7k+

Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi

Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär...

11k+

Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?

Tomus adamlaryň aglabasynyň dynç alşa çykýan, syýahata, uzak ýerlere saparlara gidýän döwri bolýar. Bu jogapkärçilikli döwürde awtoulagyňyzyň lapyňyzy keç etmezligi üçin öňünden yssy howa taýýarlanmak maslahat berilýär...

4.6k+

BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady

BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy...

5.5k+

Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň yzky tekerlerden herekete getirilýän täze görnüşini hödürledi. Täze model has uzak ýol geçmäge ukyply bolup, arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär...

13k+

Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy

Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär. Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen...

7.6k+

BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy

Germaniýanyň BMW awtokonserni öz önümleriniň hataryny giňeldýär. Kompaniýa iki sany täze atyr hödürledi – Amberness we Bergamood. Bu hoşboý yslar Widal maşgalasyna degişli bolan Mavive italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi...

3k+

Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň döremegine we ýangyna sebäp bolup biler...

20k+

Dark Cosmos reňkli Toyota Camry 2026 sedanynyň interýeri görkezildi

Toyota 2026-njy model ýylynyň Camry ulagy barada giňişleýin maglumatlary berdi. Bu ulag indi SE, XLE we XSE wersiýalarda kuzowyň täze Dark Cosmos – “öçügsi gök” reňkinde hödürlenýär. Bu reňk ýakynda hödürlenen Nightshade wersiýasy üçin elýeterli däldir...

4.4k+

Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady

Porsche Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurt awtoulaglaryna girizilen 25 göterimlik gümrük paçlary sebäpli, agyr maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kompaniýanyň birinji çärýek boýunça hasabatyna görä, awtoulag pudagyndaky operasion girdeji 43,8% peseldi, Porsche AG-niň umumy girdejisi 40,5% azaldy, satuwdan gazanylýan girdejililik derejesi 14,2%-den 8,6%-e düşdi...

13k+

Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy

Maliýe we analitik maglumatlary hödürleýän S&P Global Mobility amerikan kompaniýasy ABŞ-da ilat ýazuwyndan alnan girdeji maglumatlaryny awtoulaglaryň hasaba alyş maglumatlary bilen utgaşdyrdy. Maksat – ýyllyk girdejisi 500 müň dollardan geçýän adamlaryň iň köp saýlaýan awtoulag brendleriniň sanawyny düzmekdi...

4.6k+

602 at güýjündäki Cadillac Escalade 2025 tanyşdyryldy

Callaway Cars kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Cadillac Escalade» we «Escalade ESV» modelleri üçin täze SC602 týuning toplumyny tanyşdyrdy diýip, «GM Authority» habar berýär. Toplumyň esasynda 6,2 litrlik benzin bilen işleýän L87 kysymly V8 hereketlendiriji ýerleşýär...

3.5k+

Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi

Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy...