Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar

  • 30.05.2025 17:02
  • 9.3k+

Toyota awtomobiller üçin öz Arene operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Ony indiki ýylyň mart aýynda kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolan täze nesil RAV4 ulagyna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Financial Times-yň habar bermegine görä, Arene-niň işlenip taýýarlanmagy ýedi ýyl bäri dowam edýär. Taslama üçin Woven by Toyota bölümçesi jogap berýär. Bu operasion ulgam sürüjä awtoduralga ýerleşmäge, zolagy saklamaga kömek edip, multimediýa funksiýalaryny dolandyrar.
Toyota hytaý awtoöndürijileriniň bu ugurdaky üstünliklerine syn edip, Arene-niň olar bilen bäsleşip bilmegine umyt bildirýär.

“Tutuş dünýä, şol sanda Woven Hytaýda bolup geçýän zatlary yzarlaýar. Biz bu bazarda bäsdeşlik artykmaçlygyny nädip saklamalydygyny anyklamaly we Arene bu meselede bize kömek eder” – diýip, Woven-iň tehniki müdiri Jon Absmaýer belledi.

FT ýapon awtoöndürijileriniň ygtybarly awtomobilleri öndürmekde güýçlüdigini, ýöne programma üpjünçiligi nukdaýnazaryndan ep-esli yza galýandygyny belleýär. Gartner kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Toyota programma üpjünçiliginden pul gazanmak mümkinçiligi bolan awtoöndürijileriň reýtinginde yzdan üçünji orny eýeledi. Öňdebaryjylar Tesla, Nio we Xpeng boldy.
Ilkibaşda Arene sürüjä kömek bermek we dynç alyş ulgamy ýaly esasy funksiýalary alar. Doly derejeli wersiýa gijräk çykar. Ulag hünärmeni Takaki Nakanişiniň pikiriçe, Arene-niň çäkli funksiýalary onuň häzirlikçe Tesla ýaly bäsdeşlerden yza galýandygyny görkezýär – mysal üçin, Tesla-nyň soňky täzelenmesi faralaryň işini gowulandyrýar we sürüji ulagdan çykyp, ony ýapan bolsa-da, telefona zarýad berip bilýär. 


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....