Hytaýyň Geely kompaniýasynyň akkumulýatory 36 tonnalyk tankyň basyşyna çydady

  • 03.06.2025 21:09
  • 10k+

Hytaýyň Geely awtoulag öndürijisi «Galaxy E5» elektromobili üçin niýetlenen «Aegis Gold Brick» akkumulýatoryny adatdan daşary synagdan geçirdi. Akkumulýatoryň üstünden 36 tonnalyk «ZTZ-59D» tankynyň birnäçe gezek geçendigine garamazdan, oňa hiç hili zeper ýetmedi diýip, «Interesting Engineering» habar berýär.

Akkumulýator döwülmedi, ot almady, partlamady, şeýle-de hiç hili syzma hem ýüze çykmady.
Akkumulýator çeýe materiallardan ýasalan we alýumin oksidiniň ýylylyga çydamly gatlagy bilen örtülen. Onuň gurluşy zarbalary siňdirmäge ukyply dört bölekden ybarat. Şeýle hem aşagyndaky 2,6 millimetrlik «sendwiç» gurluşly plastina güýçli goragy üpjün edýär.
Tank batareýanyň aýratyn modullarynyň hem-de 10 öýjükden ybarat toparlarynyň üstünden geçdi. Basyş hytaýyň howpsuzlyk standartlaryndan 80% ýokary boldy. Muňa garamazdan, batareýa döwülmedi, gyzyp gitmedi, şekili hem üýtgemedi.
Söweşjeň tehnika bilen şeýle synaglaryň geçirilmegi awtoulag senagatynda seýrek ýagdaýdyr. Köplenç akkumulýatorlar kraş-testler, deşilme ýa-da hyzmat möhletini ölçemek synaglary bilen barlanýar.
Bu görkezme Hytaýda elektromobilleriň howpsuzlygyna bolan talaplaryň güýçlendirilýän döwründe geçirildi. Mart aýynda ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi akkumýatorlar üçin täze, has berk düzgünleri girizdi. Bu talaplar 2026-njy ýylyň iýul aýynda güýje girer.

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....