BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar

  • 04.06.2025 15:25
  • 5k+

BMW Australia Takata-nyň kemçilikli howpsuzlyk ýassyklary sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series modellerini yzyna çagyrýar. Yza çagyryş PSDI-5 howpsuzlyk ýassygy, sport ruluny öz içine alýan goşmaça sport bukjaly 2947 sany ulaga degişli.

Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygynyň piropatronynyň zaýalanyp başlandygy bilen bagly. Ol heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda sürüjä degip biljek metal böleklerini pytradyp, partlap biler.
Bu agyr şikes almak ýa-da ölüm howpuny döredýär. BMW-niň agzalan modellerinde şeýle hadysalaryň bellige alnan ýagdaýlary ýok. Şeýle-de bolsa, 2018-nji ýyldan bäri Takata-nyň howpsuzlyk ýassygy Awstraliýada bir adamyň ölümine we üç sany agyr şikes alynmagyna sebäp bolupdy.
Ulag eýelerine kemçilik düzedilýänçä ulagy sürmezlik maslahat berilýär. Awtoulagyň yzyna çagyrylýandygyny ýa-da çagyrylmaýandygyny VIN belgisi boýunça barlap bolýar. Belgileriň sanawy BMW-iň resmi web sahypasynda goýuldy. Awtoulagyň öndürilen senesini kuzowyň sürüji sütüninden (B sütün) tapyp bolýar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......