Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

  • 02.06.2025 13:34
  • 5.5k+

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy. Sebäp resmi taýdan aýan edilmedi.

Çak edilişine görä, munuň howpsuzlyk bilen bagly bolmagy mümkin.
Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, görkezme Britaniýanyň ulaglaryň yzyna çagyryşlaryna jogapkär DVSA gullugynyň talaby boýunça gelip gowuşdy. Porsche GB hem, DVSA hem entek bu ýagdaýa teswir bermedi. Taycan-nyň käbir hödürlemeleri öňküsi ýaly markanyň resmi web sahypasynda bar, ýöne satyjylara goşmaça görkezmeler gelýänçä, awtoulagy satmak ýa-da müşderilere geçirmek gadagan edildi.
Porsche ozal ABŞ-da on müňlerçe Taycan-ny yzyna çagyrdy. 2025-nji ýylyň aprelinde şeýle yzyna çagyryşyň sebäbi howa ýassygynyň işlemezlik töwekgelçiliginiň bardygy  we 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda batareýanyň ýanmagy töwekgelçiligi bilen bagly boldy.
Umuman alanyňda, DVSA Taycan-nyň tormozlary, kebşirlenen sepleri, asmasy we batareýa bloklaryny bilen bagly 12 gezek yzyna çagyrylandygyny bellige aldy.
Satuwyň täzeden bes edilmegi dilerleriň we elektromobilleriň eýeleriniň arasynda biynjalyklyk döretdi. Sebäbi näbelli bolsa-da, kararyň göwrümi we gyssaglydygy, megerem, çynlakaý kemçiligiň bardygyndan habar berýär.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....