20 seýrek «Lamborghini Centenario» rodsterinden biri rekord baha – 5,2 mln ýewro satuwa çykdy

  • 28.05.2025 20:47
  • 4.1k+

Iň seýrek superkarlaryň biri – «Lamborghini Centenario Roadster» Germaniýada satuwa çykdy. Awtoulagyň başlangyç bahasy 5,2 million ýewro.

Deňeşdirmek üçin, gibrid hereketlendirijili we 1001 at güýji bolan täze «Lamborghini Revuelto-nyň» bahasy 600 müň dollardan başlaýar.
«Centenario-nyň» has gymmat bolmagynyň sebäbi – onuň eksklýuziwligi. Ondan bary-ýogy 40 sanysy öndürilen: 20 sany kupe we 20 sany rodster.
Bu model 2016-njy ýylda brendiň esaslandyryjysy Ferruçço Lamborgininiň 100 ýyllygynyň hormatyna tanyşdyrylypdy. Awtoulag «Aventadoryň» binýadynda gurlan. Ol 770 at güýji bolan atmosferaly V12 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 350 km/sag.
Satuwa çykarylan nusga gyzyl reňkde we gara aksentler bilen boýalan. Satyjynyň aýtmagyna görä, bu rodster asla sürülmedik diýen ýaly, diňe «eltip berlende» geçilen ýörişi bar. Interýeri gara-gyzyl öwüşginlerde dizaýn edilen, awtoulagyň ýagdaýy «ideal» diýlip häsiýetlendirilýär. Ulag 2018-nji ýylda hasaba alnypdyr we häzirki wagtda Germaniýada ýerleşýär.
Şol bir wagtda hünärmenler ulagy satyn almak isleýänlere seresap bolmagy we söwdany hukuk taýdan gowy öwrenmegi maslahat berýärler. Sebäbi, satyjynyň satuwda başga hiç hili awtoulagy ýok, bu hem, elbetde, käbir soraglary döredýär.


11.03.2026 17:18
2.2k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...