Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji

  • 31.05.2025 15:23
  • 5k+

Land Rover 2026-njy ýyl üçin täzelenen Defender modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Carscoops» habar berýär.

Täze model täze görnüşli LED çyralar we garaldylan yzky yşyklar bilen enjamlaşdyrylan. Täze reňk görnüşleriniň goşulmagy bilen, ulagyň daşky görnüşi has-da özüne çekiji boldy: «Woolstone», «Borasco» we «Sargasso» ýaly täze öwüşginler goşuldy. Iň ýokary görnüş bolan «Defender Octa» üçin bürünç bezegli görnüş hem hödürlenýär.


Salonynda täze 13,1 dýuýmlyk (ozal 11,4 dýuýmdy) multimediýa ekrany oturdylan. Merkezi konsol täzeden işlenip düzülen, dakyp-çykarylýan gapdalky karmanlar goşulan we sürüjiniň ünsüni gözegçilikde saklaýan ulgam kämilleşdirilen.
Hereketlendiriji hatary öňküligine galýar. Alyjylara 3,0 litrlik benzinli we dizel hereketlendirijiler, PHEV gibrid ulgamy we 5,0 litrlik V8 hereketlendiriji hödürlenýär. «Defender Octa» wersiýasy indi BMW-den alnan 4,4 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylýar – ol 635 at güýjüni öndürýär we 750 Nm tork berýär.
Beýik Britaniýada täzelenen Defender-iň bahalary 57 müň 135 funt sterlingden (takmynan, 76 müň 900 dollardan) başlaýar.



22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....