Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy

  • 30.05.2025 16:50
  • 1.8k+

«Xiaomi» kompaniýasy birinji çärýek boýunça maliýe netijelerini çap etdi. Kompaniýanyň umumy girdejisi 111,3 mlrd ýuana (15,4 mlrd dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47% köpeldi. Arassa girdeji bolsa 64,5% ýokarlanyp, 1,48 mlrd dollara ýetdi.

Ylmy-barlag we ösüş üçin çykdajylar 30,3% artyp, 930 mln dollara ýetdi. Kompaniýanyň işgärleriniň 47,7%-i ylmy-barlag işleriniň ugrunda işleýär. «Xiaomi» dünýä boýunça 43 müňden gowrak patentiň eýesidir.
Esasy ugurlar, ýagny smartfonlar we zatlaryň emeli aňy (AIoT) 12,8 mlrd dollar girdeji getirdi, bu geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 22% köpdür. Mart aýynda işjeň smartfon we planşet ulanyjylarynyň sany 718,8 mln bolup, 9,2% ösüş gazanyldy.
«Xiaomi» 19 çärýek bäri, smartfon ibermekde dünýädäki iň öňdebaryjy üç kompaniýanyň biri bolup gelýär. Hytaýda bolsa birinji orny eýeleýär. Planşet pudagynda kompaniýa 3,1 mln enjam iberdi we bazar paýy 8,3%-e ýetdi.
Şeýle hem «Xiaomi» ýanwardan marta çenli aralykda dakylýan enjamlar pudagynda dünýä boýunça birinji orny eýeledi. IoT (zatlaryň internedi) enjamlarynyň sany (smartfonlary, planşetleri we noutbuklary hasaba almazdan) 943,7 mln-a ýetdi. Ýurt boýunça kompaniýa 1000-den gowrak täze oflaýn dükan açdy.
Kompaniýa «Xring O1» çibiniň işlenip düzülişine 1,87 mlrd dollar maýa goýdy. Bu çip «Xiaomi 15S Pro» smartfonynda we «Pad 7 Ultra» planşetinde ulanylar. «Xiaomi» Hytaýda flagman bazarynyň, takmynan, 25%-ine eýelik edýär.
Elektromobil bölüminiň girdejisi 2,5 mlrd dollar boldy. Çärýekde 75 müň 869 sany «SU7» elektrokar öndürildi. Bu model boýunça umumy ibermeler 258 müňden geçdi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu ýagdaý «Xiaomi» kompaniýasyna her satuwdan gelýän zyýany 7 esse azaltmaga mümkinçilik berdi. «Xiaomi Auto» öňümizdäki aýlarda girdeji gazanyp başlar diýlip garaşylýar.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......