Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

  • 20.05.2026 11:31
  • 1.9k+

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy.

Täze model 7:36.698 netije görkezen Audi RS Q8 performance we mundan ozal ýoly 7:38.925 wagtda geçen Porsche Cayenne Turbo GT Coupé awtomobillerinden has tiz boldy.

Sürüş wagtynda ruluň başynda kompaniýanyň şef-piloty Žen Çžousan bardy. Ol Nýurburgringiň administrasiýasyndan resmi aýlaw şahadatnamasyny alan ilkinji hytaýly ýaryş sürüjisi boldy.

Xiaomi YU7 GT umumy kuwwaty 738 kWt bolan iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi, bu bolsa 990 at güýjüne barabardyr. Öňdäki hereketlendiriji 288 kWt, yzky hereketlendiriji bolsa 450 kWt kuwwat öndürýär. Awtomobiliň iň ýokary tizligi sagatda 300 km derejesinde çäklendirilýär.

Krossower CLTC sikli boýunça 705 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän, sygymy 101,7 kWt·s bolan batareýa eýe boldy. Awtomobiliň uzynlygy 5015 mm, tigir bazasy bolsa 3000 mm barabar.

Modeliň Hytaýdaky resmi satuwlarynyň başlanmagy 21-nji maýa meýilleşdirildi. Ilkinji awtomobiller eýýäm diler merkezlerine gelip başlady.


şu gün 11:17
982

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
2.1k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....