2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär.
Neşiriň hasaplamalaryna görä, kompaniýa 11 271 100 maşyny abatlamaly bolar. Bu bolsa «Ford-a» amerikan bazarynda yzyna çagyrylan awtoulaglaryň sany boýunça awtoulag öndürijileriniň arasynda ýene-de birinji orna dalaş etmäge mümkinçilik berýär.
Ýylyň iň iri hyzmat kampaniýasy dürli modelleriň 4,38 million awtoulagyna täsir etdi. Fewral aýynda kompaniýa programma üpjünçiligindäki ýalňyşlyk sebäpli olarda çekilýän tirkegiň yşyklandyryş ulgamynyň işlemän biljekdigini habar beripdi.
«Motor1-iň» maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda «Ford» ABŞ-da yzyna çagyryş kampaniýalarynyň sany boýunça rekord goýupdy. Şonda tas 13 million awtoulagy öz içine alýan 153 sany yzyna çagyryş yglan edilipdi.
Iýun aýynda kompaniýa hereketlendirijileriň hiline gözegçilik etmek boýunça çemeleşmäniň üýtgedilendigini hem habar berdi. Eger ozal güýç gurluşlaryny söküp barlamaklyk üç aýda bir gezek geçirilýän bolsa, indi şeýle işler hereketlendirijileri seriýaly awtoulaglara oturtmazdan ozal her gün ýerine ýetiriler.