Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy

  • 29.05.2025 18:52
  • 4.9k+

Xiaomi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Üç aýda SU7 modelinden 75 869 elektromobil ýola goýuldy, bu modeliň umumy üpjünçiligi bolsa 258 000 birlikden geçdi. Şeýle-de, kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilnamalary barada habar berdi.

Intellektual elektromobiller we EA segmentiniň girdejisi 18,6 mlrd ýuan (2,58 mlrd ABŞ dollary) boldy we şolardan 18,1 mlrd ýuan (2,51 mlrd dollar) elektromobil satuwynyň paýyna düşdi. Galan 500 mln ýuany (70 mln dollar) beýleki ugurlar üpjün etdi.
Awtomobil we EA segmentinde jemi girdeji 23,2% boldy. Şol bir wagtyň özünde, 500 mln ýuan (70 mln dollar) möçberde operasion ýitgi hasaba alyndy. Bu bir ulag üçin ortaça 6500 ýuan möçberde (takmynan, 903 dollar) ýitgini aňladýar. Bir ýyl ozal bu görkeziji bir ulag üçin, takmynan, 45 000 ýuan (6250 dollar) bolupdy.
Ozal Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing awtomobil öndürmek işiniň başlangyç tapgyrdadygyny aýdypdy. Ol ilkibaşdaky uly maýa goýumlaryň we hususy zawod gurluşygynyň häzirlikçe ýitgilere getirýändigini, ýöne üpjünçiligiň göwrüminiň artmagy bilen ýitginiň azaljakdygyny belledi.
Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, awtomobil ugry eýýäm 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde ýitgisizlik derejesine çykyp ýa-da girdeji getirip biler. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....