Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

  • 03.05.2026 23:50
  • 1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni görkezdi.

Kompaniýa ýaryşyň doly ýazgysyny köpçülige hödürledi we ýoldaky sürüş üçin niýetlenen goşmaça aýratynlyklary bolan täzelenen nusgasynyň satuwa çykarylandygyny mälim etdi.

Bu awtoulag gündelik durmuş üçin niýetlenen bolsa-da, häsiýetnamalary boýunça sport ulaglaryna örän ýakyndyr.

Alyjylar üçin Sailun PT01 şinalary we güýçlendirilen tormoz ulgamy bolan konfigurasiýalar elýeterlidir. Bu ulgama ýokary agramlylyga we gyzmagyna çydamly bolan ITT nakladkalary hem-de ENDLESS tormoz suwuklygy girýär.


düýn 10:58
2.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 20:03
6.1k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......