Honda elektrokarlary ikinji hatara süýşürdi: üns merkezinde – gibridler we benzin ulaglary

  • 28.05.2025 12:10
  • 2.9k+

Honda trende eýerip, geljek on ýyl üçin ösüş strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýa öň wada berlişi ýaly diňe elektromobillere üns bermezlik kararyna geldi. Munuň deregine ol gibridlere we adaty benzin hereketlendirijili modellere ünsi gönükdirer.

2027-nji ýyldan 2031-nji ýyl aralygynda Honda 13 sany täze gibrid modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrokarlar bilen bagly käbir taslamalar ýokary bahasy sebäpli soňa goýuldy. Elektromobiller üçin umumy maýa goýum 69 mlrd dollardan 48 mlrd dollara çenli azaldyldy.
Eýýäm şu ýyl täze sport gibrid kupesi Honda Prelude görkeziler. Şeýle-de, ýakyn ýyllarda Civic, Accord, CR-V, Pilot we Odyssey ulaglary täzelener. Bu modelleriň köpüsi gibrid görnüşine eýe bolar.
Şol bir wagtyň özünde, Honda elektromobil hataryny hem ösdürmegini dowam etdirer. 2026-njy ýylda Honda Saloon elektrosedany çykar. Soňra ýene üç elektrik krossower çykarylar. Ýöne önümçilik depgini birneme haýal bolar.
Mundan başga-da, Honda wodorod tehnologiýasyndan ýüz öwürmeýär. 2027-nji ýylda kompaniýa ýangyç elementlerinde işleýän täze modeli hödürlär.
Şeýlelikde, Honda strategiýasyny häzirki bazar şertlerine görä sazlar. Esasy ileri tutulýan ugur alyjylaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän elýeterli we ýörgünli modelleri çykarmakdyr. 


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......