BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi

  • 25.05.2025 10:36
  • 5k+

BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy. Ulagyň öň bölegi hem meňzeş: ol “akula burnuna”, meňzeş tehnika we yşyklandyrylan radiator gözenegine eýe boldy.

Speedtop-yň kuzowy gradient bilen boýaldy: goýy gyzyl Sunstone Maroon reňki kümüşsöw Sundown Silver reňkine geçýär. Dizaýnyň merkezi elementi kapotdan üçegiň üsti bilen yzky spoýlere uzaýan “spline” çyzygy boldy. Ulag ýörite bu model üçin işlenip taýýarlanan iki reňkli 14 keýeli (spisa) tigir disklerini aldy.
Salon iki reňkli deri (Sundown Maroon we Moonstone White) bilen bezeldi. Sunstone Maroone reňki interýeriň aýry-aýry elementlerinde hem gaýtalanýar. Şeýle-de, “spline” çyzygy deri bezegine serpikdirilýän ýagtylyk şöhlesi görnüşinde görkezilýär. Şol bir materiallar we yşyklandyryş bagaž ýerinde hem ulanylýar. Ulag bilen bilelikde toplumda sargyt boýunça Schedoni torbasy iberilýär.


Kompaniýanyň beýanyna görä, Speedtop jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin tassyklandy. Doly tehniki aýratynlyklar açylyp görkezilmeýär. Ýöne awtomobiliň häzire çenli BMW hataryndaky iň kuwwatly V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandygy belli. Ol Skytop-daky ýaly 620 a.g. kuwwatly goşa turboly 4,4 litrlik hereketlendiriji bolmaly.
BMW bu uniwersaldan öz baý müşderileri üçin bary-ýogy 70 nusga çykarar. Resmi premýera Italiýadaky Concorso d'Eleganza Villa d'Este sergisinde bolar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......