Toyota yzky çyrasynda ýüze çykan mesele boýunça 443 müň töweregi Tundra-ny yzyna çagyrýar

  • 28.05.2025 11:38
  • 5.8k+

Toyota 2022-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen 443 000 töweregi Tundra pikabyny yzyna çagyrýar.

CarBuzz neşiriniň habar bermegine görä, yzky çyralary näsazlyk tapyp biler, ýagny bloga aralaşyp biljek çyglylyk onuň poslamagyna we döwülmegine sebäp bolup biler. Netijede, yza basanda ýanýan çyralar işlemegini bes eder, bu bolsa esasanam gije heläkçiligiň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar.
ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy (NHTSA) meseläniň çyralar gurnalanda ulanylan ýelimiň hili bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Ýelim çyglylyga çydamsyz bolup çykdy.
Yza çagyryş gibrid görnüşlerini hem öz içine almak bilen, Tundranyň ähli bezeg derejelerine degişlidir. Bu diňe bir ABŞ-da satylan ulaglara däl, eýsem, beýleki bazarlara iberilenn ulaglara hem degişlidir.
Toyota eýýäm ulaglaryň eýelerine we dilerlere habar ugradyp başlady. Hyzmat merkezleri yzky yşyklary mugt çalşar hem-de zerur bolsa simlerini barlar we abatlar.
Kemçiligi resmi taýdan yza çagyryş başlamanka düzeden ulag eýeleri çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny sorap ýüz tutup bilerler.
Bu Tundranyň soňky nesliniň ilkinji yza çagyrylmasy däl, ýöne iň ulusy bolup biler. Kompaniýa awtoulag eýelerini dilerleriň ýanyna gijikdirmän barmaga çagyrýar.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....