Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar

  • 31.05.2025 16:23
  • 2k+

Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly.

XCeed 2019-njy ýyldan bäri goýberilip gelýär, ýöne satuwda Volkswagen T-Roc ýaly bäsdeşleri bilen deň hatarda üstünlik gazanyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde-de ol ýokary islegli boldy: 2021-nji we 2022-nji ýyllarda model gowy netijeleri görkezdi - degişlilikde 50 000-den we 53 000-den gowrak awtoulag satyldy. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda satuw 40 000 birlige çenli azaldy.
Kompaniýa elektrik ulaglaryny ösdürmeklige ünsi jemlemek kararyna geldi. Kia EV3 Slowakiýadaky elektrik ulaglary öndürilýän merkez döretmek göz öňünde tutulýan zawodda öndüriler. Bu brendiň bazardaky ornuny berkitmeli we hatarda täze modellere orun bermeli.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......