Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi

  • 26.05.2025 15:01
  • 3.6k+

Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr.

Häzir robotlar Inçhon halkara howa menziliniň çäginde işleýär we olar bu ýerde DC zarýad berijilerini birikdirýär. Olar kabeli aýyrmakdan birikdirmäge çenli ähli amallary adam gatnaşmazdan ýerine ýetirýär. Robotlar Selsiý boýunça -15 gradusdan +60 gradusa çenli temperaturada işleýär, bu hem olary dürli howa şertleri üçin laýyk edýär.
Taslama Tesla-nyň on ýyl mundan ozal hödürlän pikiriniň ösdürilmegi boldy. Amerikan kompaniýasy meýilleşdirýärkä, Hyundai ilkinji bolup tehnologiýany iş ýüzünde görkezýär. Kompaniýa robotlary giňişligiň çäkli bolan ýerlerinde, mysal üçin, ýerasty awtoduralgalarda ulanmagy göz öňünde tutýar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......