Audi sport ulagynyň äheňindäki oýun oturgyçlaryny çykardy

  • 31.05.2025 17:38
  • 5.1k+

Audi kompaniýasy Vertagear şereketi bilen bilelikde hem iş, hem-de kibersport üçin amatly ofis oturgyçlaryny çykardy. Täze önümler awtoulag öndürijisiniň sport ulaglarynyň oturgyçlary görnüşinde bezeldi. Bezegde markanyň awtoulaglarynyňka meňzeş ýa-da edil şonuň ýaly materiallar ulanylýar.

Sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy. Bahalar 500 dollardan başlaýar.
Hatar üç modeli öz içine alýar.
Esasy model bolan SL3800 Audi Edition gapdal goldawy we sazlap bolýan arkalyk bilen enjamlaşdyrylan. Daşyna howa geçirijiligi gowulandyrýan tehnologiýaly emeli deri çekilen. Oturgyjyň konstruksiýasy polat çarçuwa esaslanýar. Boýun ýassygy hem bar.
Indiki model - SL5800 RS Edition. Ol howpsuzlyk kemeri üçin deşikleri imitirleýän urundylary we HygennX sintetiki materialdan bolan gowulandyrylan daşlygy bilen tapawutlanýar. Onuň alamatlarynyň içinde çalt guraýjylyk we ysy ýok edijilik häsiýetleri bar. Esasy alýuminden ýasalan.
Flagman modeli bolan PL4800 Audi Sport Edition has hem sport dizaýnyna we güýçlendirilen ýük göterijilik ukybyna eýe boldy.
Oturgyçlar, modifikasiýasyna baglylykda, boýy 198 sm we agramy 163 kg-a çenli bolan ulanyjylar üçin niýetlenendir.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...