2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

  • 13.03.2026 17:49
  • 8.3k+

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi.

Neşirde nygtalyşyna görä, täze Audi RS6 Avant ýylyň esasy premýeralarynyň biri bolar we bu uniwersal ulag 700 at güýjünden gowrak kuwwaty bolan gibrid hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylar.

Bentley kompaniýasy Bentayga modelinden pesräk derejede durjak ykjam elektrik krossowerini taýýarlaýar, BMW bolsa Neue Klasse binýadynda doly täzelenen 3-nji seriýany, kupe görnüşli iX4 krossoverini we has uly iX5 modelini hödürlemegi meýilleşdirýär. Dodge brendi täze Charger modelinde meşhur V8 Hellcat hereketlendirijsiiniň kuwwatyny gaýtaryp getirmegi maksat edinýän bolsa, Ferrari maý aýynda özüniň ilkinji elektrikli superkary bolan Luce modelini tanyşdyrar.

Mundan başga-da, Genesis kompaniýasy elektrikli flagman GV90, Jaguar bolsa kaşaň Type 00 EV modeliniň üstünde işleýär, Mercedes-AMG bolsa 1300 at güýjünden gowrak kuwwaty bolan GT XX superkaryny döredýär.

Şeýle-de sanawa ykjam Rivian R2, Polestar 4-iň täze görnüşi we bahasy 20–30 müň dollar aralygynda satyljak Slate elektrik pikaby hem goşuldy.

Motor1 neşiri täze modelleriň şeýle köpdürlüliginiň sebäbini awtokonsernleriň bir wagtda elektrik, gibrid we adaty hereketlendiriji tehnologiýalaryny deň derejede ösdürýändigi bilen baglaýar. 


21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....