Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

  • 28.05.2025 14:04
  • 15k+

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer.

Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, önümçiligiň başlanmagy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Zawod ABŞ-a we Kanada eksport etmek üçin ýylda 10 000 töweregi awtomobil çykarar.
Taslamanyň çäklerinde Toyota Beýik Britaniýa ýapon inženerlerini iberer.
Şeýle çözgüt Býornastondaky zawodyň ätiýaçlyk kuwwatyny ulanyp, demirgazyk amerikan bazaryna ulaglaryň iberilmegini tizleşdirmek islegi bilen baglanyşyklydyr. Bu bazarda GR Corolla benzin hereketlendirijili awtomobilleriň muşdaklarynyň arasynda ýokary islegden peýdalanýar.
Çeşmeler önümçiligiň geçirilmeginiň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlary bilen baglanyşykly däldigini belleýär. 2025-nji ýylyň maý aýynda ABŞ Beýik Britaniýadan awtomobil importy üçin nyrhlary ýylda 100 000 ulag üçin 10%-e çenli azaltdy. Şol bir wagtyň özünde, ýapon awtomobilleri üçin nyrhlar 25% derejesinde galdy.
Býornastondaky zawod eýýäm adaty Corolla-ny çykarýar, şol sebäpli ol sport GR wersiýasyny ýygnamak üçin hem laýyk gelýär. 


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....