Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

  • 18.05.2026 06:21
  • 6k+

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy Tesuo Ogawa Automotive News neşirine beren interwýusynda habar berdi.

Eger bu taslama makullanyp, durmuşa geçirilse, ol ABŞ-nyň awtomobil bazarynda meşhur amerikan pikapy bolan Ford Maverick-iň esasy bäsdeşine öwrülip biler.

Toyota-nyň ýokary wezipeli ýolbaşçysynyň bellemegine görä, brendiň Demirgazyk Amerikadaky dilerleri şeýle model üçin bazarda boş ýeriň bardygyny tekrarlaýarlar we oňa durnukly islegiň boljakdygyny çaklaýarlar. Şeýle görnüşli kuzowly ulagyň çykarylmagy ýapon markasyna özi üçin täze bazar segmentinde öz ornuny resmi taýdan mälim etmäge mümkinçilik berer. Emma täze modeliň doly derejeli işlenip düzülmegi belli bir wagty talap eder.

Ford Maverick modeli ABŞ-da uly üstünlik bilen satylýar. 2025-nji ýylda bu pikapyň satuw göwrümi 155 müň nusgadan geçdi, bu bolsa oňa satuwda hatda ramaly model bolan Ranger-den hem öňe geçmäge mümkinçilik berdi.

Ýene bir bäsdeş bolan Hyundai Santa Cruz şol bir döwürde has pes satuw görkezijilerini görkezdi — bary-ýogy 25,5 müň awtomobil satyldy.

Belläp geçmeli zat, 2024-nji ýylda Toyota ABŞ-da bu bäsdeş awtomobilleriň ikisiniň hem ýol synaglaryny geçirende muşdaklaryň gözüne ilipdi. Bu bolsa ýapon inženerleriniň öz modellerini döretmezden ozal, mümkin bolan bäsdeşleriň ähli artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini jikme-jik öwrenendikleri baradaky çaklamalary tassyklaýar.


şu gün 09:56
1.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....