Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

  • 15.05.2026 09:20
  • 6.7k+

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir.

Geçen ýyl Corolla modelleriniň aglabasy gibrid ulgamlara geçirilen hem bolsa, 2026-njy ýylyň bu täze wersiýasy garaşylmadyk ýagdaýda adaty içinden ýandyrylýan hereketlendiriji we mehaniki geçiriji guty bilen üpjün edildi. Täze awtomobil 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda önümçiligi tamamlanan we eýýäm wagty geçen Corolla Axio modeliniň mynasyp ornuny tutar.

Okuw üçin niýetlenen täze sedan 1,5 litrlik, üç silindrli we 120 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji hem-de alty basgançakly mehaniki geçiriji guty bilen hödürlenýär. Häzirki wagtda bu model Ýaponiýanyň bazarynda mehaniki guty bilen enjamlaşdyrylan ýeke-täk sport däl Corolla hasaplanýar. Şeýle-de, alyjylara alternatiwa hökmünde 1,8 litrlik we 140 at güýçli gibrid ulgamly wersiýasy hem hödürlenilýär. Adaty hereketlendirijili başlangyç modeliniň bahasy 2,14 million ýena, ýagny takmynan 13 700 dollar töweregi bolup, bu ony tutuş Corolla maşgalasynyň iň arzan we elýeterli agzasyna öwürýär. Gibrid wersiýasynyň bahasy bolsa takmynan 2,4 million ýena (15 350 dollar) barabardyr.

Awtomobiliň içki gurluşy hem okuw prosesine doly uýgunlaşdyrylandyr. Salonda instruktor üçin goşmaça ätiýaçlyk pedallar toplumy we yzy has gowy görüp bolýan goşmaça aýna oturdyldy. Adaty modellerdäki multimediýa ekranynyň ýerine, merkezi panelde sanly spidometri, tormozyň we öwrüm çyralarynyň işleýiş görkezijilerini öz içine alýan ýörite tehniki blok ýerleşdirildi. Şeýle-de, onda nawigator üçin ýörite berkidiji we instruktoryň ulanmagy üçin goşmaça ses signalynyň düwmesi göz öňünde tutulypdyr. Daşky görnüşi boýunça bolsa awtomobil kolpakly 15 dýuýmlyk polat diskler, häzirki zaman diodly çyralar we okuw belgileri üçin ýörite gurnalan berkidijiler bilen beýleki modellerden tapawutlanýar.


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....