BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

  • 26.05.2025 15:02
  • 5.2k+

2025-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropada elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçdi. Muňa gümrük paçlary-da, transport çykdajylary-da päsgel bermedi diýip, Jato Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg ýazýar. Statistika ÝB ýurtlaryny we Beýik Britaniýany öz içine alýar.

Hytaý awtoöndürijisi aprel aýynda Ýewropada 7231 ulag satdy, bu bir ýyl ozalkydan 169% köpdür. Tesla, tersine, 66 elektromobil az satyp, 49% pese gaçyşy görkezdi.
BYD ulaglary Hytaýdan getirýär, şonuň üçin ýokary gümrük paçlary we transport çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Muňa garamazdan, kompaniýa sebitde iň meşhur elektromobil markalarynyň ilkinji onlugyna girdi. Bazaryň lideri 23 514 ulag we 61% ösüş bilen Volkswagen bolmagynda galýar. Onuň yzyndan BMW (14 867 ulag, +5%), Škoda (+214%), Audi we Renault gelýär. Mercedes-Benz, Volvo, Hyundai, BYD we Tesla onlugy jemleýär.
Ýewropada umumy elektromobil bazary 28% ýokarlandy, ýöne Tesla we Volvo, degişlilikde, 49% we 43% pese gaçyş görkezdi.
Mundan başga-da, BYD birikdirilýän gibridleri (PHEV) satmagyň hasabyna-da Ýewropa bazarynda ornuny giňeltmegini dowam etdirýär, çünki ýerli bazarda olar üçin ýokary paçlar ýok. Eger bu ulaglary hem göz öňünde tutsaň, aprel aýynyň jemi boýunça Ýewropada hytaý kompaniýasynyň umumy satuw göwrümi 359% ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, BYD-yň hatarynda iň elýeterlileriň biri bolan Dolphin Surf (Seagull) elektrik hetçbegi Ýewropa bazarynda häzirlikçe 30 kWt/sag batareýaly ulag üçin 20 000 ýewrodan hödürlenýär. Ýöne başlangyç arzanladyşlary hasaba almasaň, ol 23 000 ýewro barabar, ýerli ilat bolsa 3000 ýewro tapawutly bahadan Renault 5 ýaly biraz gymmat modelleri saýlamagy makul biler. Bu Ýewropanyň gümrük syýasatynyň elektromobil pudagynda netijeliligini görkezýär.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......