Iň güýçli i4: BMW Ferrari-niň ýagty Rosso Corsa öwüşgünindäki M60 kupesini tanyşdyrdy

  • 03.06.2025 21:11
  • 4.6k+

BMW elektrikli gran-kupäniň iň güýçli wersiýasy bolan i4 M60 modelini hödürledi. Täze model Maserati-niň we Ferrari-niň ýaryş awtoulaglaryndan ylham alnan ýagty Rosso Corsa reňkinde tanyşdyryldy.

Täze model öňki i4 M50-niň ornuna geldi we birnäçe möhüm täzelikler bilen çykdy. Indi elektrohereketlendirijileri 593 at güýjüni öndürýär, bu bolsa öňki modelden 56 at güýji köpdür. 100 km/sag tizlige 3,7 sekunda çykýar, ýagny «iX M70-den» çalt we «i7 M70» bilen deň derejede.
Suratdaky awtoulag «M Carbon» karbonly paket we goşmaça mümkinçilik hökmünde hödürlenýän 20 dýuýmlyk iki reňkli tekerler bilen enjamlaşdyrylan.
Rosso Corsa Uni (kody P7K) öwüşgüni tötänden saýlanmady – bu reňk 1920-nji ýyllaryň italýan ýaryş taryhyna salgylanýar we BMW üçin adaty reňkleriň arasynda täze modeli öňe çykarýar.
i4 M50 modeli «BMW M» bölüminiň yzygider üç ýyl iň köp satylan awtoulagy bolupdy. Habarlara görä, onuň täze görnüşi 2028-nji ýyla çenli öndüriler.
i4 M60 modeliniň bazara haçan çykaryljakdygy resmi taýdan mälim edilmedi. Emma bu modeliň 2026-njy ýylyň modeller hataryna girizilmegine we öňümizdäki aýlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.



18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......